"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Şirin - nabat

Türkmen topragynyň datly miwesi,Tagamy deý başga tagam tapmadym.Misli ene topragymyň şiresi,Süýjüsin başga bir süýjä gatmadym. Ata-babam ýetiripdir seçgisin,Bu ajaýyp tebigata saz edip.«Tagamyny datman hiç kes ötmesin!» — diýip, Ýüpek ýoldan geçene berip.

Dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edi­len «akyl­ly» şä­her

Arkadag şäheri — bagtyň hem-de bagtyýar halkyň şäheri. Bu ajaýyp şäher binagärlik sungatynyň kämil hem sebitara derejesindäki nusgalyk eseri. Munuň şeýledigini bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär.

Ar­ka­dag şä­he­ri — di­de­le­riň röw­şe­ni

Ýur­du­my­zyň sag­lyk sa­ha­wa­ty

Hormatly Prezidentimiz iýun aýynyň 16-syna Arkadag şäherinde bina edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we şol ýerde Arkadag şäheriniň II tapgyrynyň düýbüni tutdy. Arkadagly Serdarymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň neşir edilendigini belläp, dabara gatnaşanlara kitaby sowgat etdi. Bu kitap gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işini dünýä wagyz ediji neşir bolmak bilen, ol üç dilde çap edildi. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamyna täzeçil usullar ornaşdyrylýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalarydyr, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman saglyk merkezlerinde halkymyzyň saglygyny dikeltmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmeklige ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç

Ömrümiň manysynyň dowamaty bu

Ajap eser — Arkadagyň paýhasy,Gülleriň gunçasy, ýazyň maýsasy,Okanlaryň geliberer aýdasy: — Ertirleň päkligniň alamaty bu,Ömrümiň manysynyň dowamaty bu. Ak pata bar atasyndan agtyga,Guwanmak bar ulus-illeň bagtyna,Ganat baglap gonar köňül tagtyňa,Türkmenleriň saglyk-salamaty bu,Ömrümiň manysynyň dowamaty bu.

Ah­me­diň ak bugdaýy

Ahmet «jüýje sanaşmak» üçin güýze garaşyp durmady. Bugdaý oragy dowam edýärdi. Onda «Meniň kärende ýerimiň berjek hasyly hökman öňdäkileriň hatarynda bolaýmaly» diýen ynam bardy. Dogry, onuň tanaýan kärendeçileriniň arasynda topraga yhlas edişine göwni ýetýänleri az däldi. Şonuň üçinem ol «Hiç kimden kem durmaly däl, hiç kimden yza galmaly däl» diýip, işine berk ýapyşdy hem-de kalbynda üstünlige bolan ynama bil baglady. Ahmet ynamyny ýere eden yhlasy, saçan maňlaý deri, topraga sepen tohumy, gögerip çykan maýsa eden garaşygy we ýene-ýeneler bilen berkitdi. Üstünlige bolan ynam bilen çekilen zähmet soňunda bol hasyl bolup daýhana gaýdyp gelýär. Ahmet hem «Bag atyz» atly ekin meýdanynyň alty gektar kärende ýeriniň her gektaryndan üç tonna guşgursak däne ýygnap almaga borçnama edinenem bolsa, ol alynýan hasyly dört müň iki ýüz kilogramdan geçirmegi başardy. Şunlukda, ol döwletiň galla harmanyna bir müň iki ýüz kilogram artykmaç bugdaý hasylyny tabşyryp, diňe bir Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde däl, eýsem Kerki etraby boýunça hem öňdäki orunlary eýeledi.

Yl­my esas­ly önümçilik

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde ýurdumyzyň himiýa, gurluşyk, senagat, nebitgaz, oba hojalyk we dokma pudaklarynyň ylmy taýdan kämilleşdirilmegi babatynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, ýerli çig mallaryň esasynda täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar.

Hazaryň owazly tolkunlary

Watanymyzyň gözel künjekleriniň, melhemli mekanlarynyň biri bolan gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny näçe wasp etseň hem azlyk edýär. Mundan 10-15 ýyl ozal bu ýerde bolup gören adamlar gaýtadan Awaza gelseler, düýpgöter täze keşbe giren bu künjegi tanamazlar. Dogry, Hazaryň ýakasyna ozalam dynç almaga, deňziň argynlygyňy aýyrýan, süňňüňe şypa berýän suwuna düşmäge gelýänler az däldi. Ýöne olar deňziň bu künjegindäki ertekä çalymdaş Awazanyň häzirki görnüşini görüp, haýran galarlar. Ýerli adamlaryň gürrüňini diňleseň, şeýle-de, ylmy kitaplaryň sahypalaryny agtaryp görseň, «Awaza» sözüniň gelip çykyşynyň «owaz edýän tolkunlar» diýen manysynyň bardygyny görmek bolýar. Hakykatdan hem, Awazanyň tolkunlarynyň heňi tebigy simfoniýanyň owazydyr.

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň şäheri

Arkadag şäheri — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen gözelligiň nusgasy, geljekki bagtyýar nesilleriň ak ertirlerini nazarlaýan bagtly durmuşynyň kepili. Her bir ynsanyň bagtyýar, halal zähmet çekip, manyly ömür sürmegi üçin ähli şertler döredilýän ajaýyp döwrümizde gurluşyk pudagy özünde täze innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen belent derejelere ýetýär. Arkadag şäherinde gurlan ýüzlerçe medeni we durmuş maksatly desgalara, olarda ulanylýan täze tehnologiýalara seredeniňde, türkmen binagärliginiň ösen sepgitlerine göz ýetirip bolýar. Arkadag şäherinde tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň ählisi ekologik talaplar esasynda guruldy. Bu şäherde «smart city» döwrebap şähergurluşyk ýörelgesine laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa elektrobuslardyr elektromobiller hereket edýär. Olaryň hereketine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilikler bar. «Akylly» yşyklandyryş ulgamy, Gün we ýel batareýalary, häzirki zaman sanly hyzmatlar, «akylly» zir-zibil gaplary sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Şäheriň ýaşaýjylary «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonuň üsti bilen internet arka

Dost-doganlyk ýollarynda

Taryhyma göz aýlasak, gör nijeme asyr geçen,Munda dana-akyldarlar döräpdirler, Hakdan içen,Olaň ady heňňam içre ýitmän şu günlere ýeten,Pähimlerniň ýaňy galan Beýik Ýüpek ýollarynda. Bu ýollarda jahankeşde, bilermenler jemlenipdir, Kerwensaraýdyr çaýhana, mähelleden hyň beripdir,Suhangöýler barha gyzyp, saz-söhbetler diňlenipdir,Halkymyzyň adaty bar çuň taryhyň yzlarynda.

Gül­ki dol­sun göw­nü­ňi­ze

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan tebigy ýadygärliklerimizi, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda ägirt uly işler amala aşyrylyp, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesi toplanyldy.  Hut şu ýylyň özünde ata Watanymyza «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky degişli güwänamanyň gelip gowuşmagy ykrar edilen taryhy wakalaryň biridir. Molla Ependi il içinde ýomaklary, şorta sözleri we degişmeleri bilen meşhurlyk gazanan şahsyýetdir. Türki halklaryň arasynda Hoja Nasreddin ýa-da Nasreddin Hoja ady bilen tanalýan bu şahsyýeti halkymyz Molla Ependi diýip atlandyrypdyr. Türk alymy Mehmed Fuad Köprüliniň pikiriçe, Hoja Nasreddin taryhy şahsyýet hökmünde XIII asyrda hijri ýyl hasaby boýunça 606-njy ýylda (milady ýyl hasabynda 1208-nji ýyl) Merkezi Anadolynyň Siwrihisar Hortu obasynda dogulýar. Başlangyç bilimi kakasyndan alan Nasre

Kö­ňül gö­zel­li­gi — sun­ga­tyň ör­ki

Sungat ojagynda her bir taplanan zehin bu sözbaşynyň manysynyň giňligini aňlasa gerek. Çünki köňlüň gözelligi — ömrüň zynaty. Sungat halypasynyň bu giň dünýä meňzeş gursagyndaky zehini bolsa asla-asla tükenerli däl. Oňa zehin ylahydan berlen. Şondan bolsa gerek, ol tebigatyň täsin künjeklerine barsa, ep-esli wagtlap dymyp durýar-da, soňam birden serine ornaşan görnüşlerini çalasynlyk bilen kagyza ýa kendire geçirýär. Hawa, «Söhbeti edilýän beýle zehin kimkä?» diýýän bolmagyňyz mümkin. Oňa Çarymyrat Ýazmyradow diýýärler. Sungat dünýä ýaly giň, ummanlar ýaly joşly. Sungatyň jadyly dünýäsine aralaşaýmak her kese eýgerdibem duranok, dogrusy. Köňlüňde baryny şekile geçirip, galamyň güýjüni sungatsöýer köňüllere ýetirmek diňe guýmagursak zehini bolan kişä başardýan hysyrdyly iş. Suratkeşiň eseriniň diline düşünen adama bolsa gyzykly ruhy syýahat garaşýar. Şol syýahat her bir sungat muşdagyna çäksiz kanagatlanma duýgusyny bagyş edýän bolsa, suratkeşiň öz göwnüne uçursyz joşguny guýýan güýje eýedir. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi hakyndaky söhbedimize onuň hyýalbentlikden bina bolan eserlerine özboluşly syn hem tarypnama diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ilki bilen, suratkeşiň döredijili

Yk­ba­lyň yba­da­ty

Ynsan ömrüne ybadat edilmeli närseler duş bolsa, onda her kişi şony bagtdan alamat saýmaly. Çünki ýagşylyga we zehine, sungata, halal zähmete edilen ybadat hem-de ybadatly ykbal ynsany ümmülmez abraýa we şöhrata eýe edýär. Onsoňam ybadat edilen haýyrly zat gowy pursatlary ömre hünji kimin düzüp, ony ýalkawa duş edýär. Heniz çagaka oba arygynyň başynda deň-duş oglanlary bilen balyk tutmagy höweslän ýigit balykçy bolmak üçin ümsümligiň hökmanydygyny bilse-de, birdenkä aýdyma zowladyp, diňe bir balyklary däl, ony tutmagyň küýüne düşüp, dünýäni unudan deň-duşlaryny tisgindirip goýbererdi. Şol wagt geň hem gülkünç ýagdaýy döretse-de, soňabaka şol aýdyma zowlatmalardan başlanan ykbal akabasy ony has ullakan at-abraýyň eýesi etdi. Ýognas sesi bilen sapak aýdanda-da mugallymlaryny we synpdaşlaryny ünsli diňledip bilýän ýigidiň okuwa ýetişiginiň nusgalyk bolandygyny onuň okan Boldumsaz etrabynyň 4-nji (öňki 26-njy) orta mekdebinde buýsanç bilen ýatlaýarlar.

Hünärli elleriň ajaýyp sungaty

Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir. Türkmeniň guran döwletleriniň her biri öz döwrüniň iri döwletleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, ösen medeniýeti we sungaty bilen taryhda yz galdyrypdyr. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan, öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanýan palas, kilim, halydyr keçelerimiz medeni mirasymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanýar. Aslynda-da, gadymy çarwaçylyk jemgyýetinde, ilki bilen, iň sada hünärler özleşdirilýär. Birinji keçe basmak, palas, kilim kakyp dokamak, soň bolsa çitimli haly dokamak usuly döredilýär. Öýdäp kilim kakmak, nagyş salyp palas dokamak däbi Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden ýaýrandyr. Palaslar hem halylar ýaly, esasan, öýleriň içine ýazmak üçin düşek hökmünde ulanylýar. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda dokalan palas zolaklary bilen çadyrlary, ýagny ýaşaýyş öýlerini örtüpdirler. Türkmenistanyň çäklerinde ýüňden we beýleki ýüplüklerden dokalan kilimiň halydan tapawudy — ýüz tarapynyň çitimsiz, tekiz we gaty bolmagy hem-de dürli nagyşlar bilen bezelmegidir.

Ýü­pek­çi­li­giň ga­dy­my oja­gy

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýip belleýär. Bu bolsa Merwde ýüpekçiligiň ýokary derejede ösendigini görkezýär. Arheologik tapyndylardan belli bolşy ýaly, 5000 ýyl mundan ozal Hytaýda çig ýüpekden dürli matalar öndürilipdir. Adamzada belli bolan ýüpek matalarynyň iň gadymy nusgalary Hytaý arheologlary tarapyndan Henan welaýatynyň Sintaý obasynyň golaýyndaky düşelgede tapylyp, olaryň ýaşy 5500 ýyla barabardyr.

Ata watan - türkmen ilim

Beýik millet at çapdyryp, dünýä ýüzün gezdiň, gördüň,Mekan tutup ençe ýerde, ençe döwletleri gurduň,Taryhyň her bir gatynda ägirtleriň adyn goýduň,Ädimleriň gözbaşynda Oguz hanyň yzy bardyr,Bu gün peder ýolun tutan merdem ogul-gyzy bardyr. Dutar, gyjak sesin goşup, ýaň salyp dur Garaguma,Bu gün sährany deňeýän Ýer şarynyň ýüregine,Il ykbalyn göterenler gerdenine-eginine,Çardagynda, Çandybilde Göroglynyň yzy bardyr,Bäş keleme söz aýdanda, aýdym bilen sazy bardyr.

Papaýa - datly miwe

Şatut (hekaýa)

Gullularyň howlusynda şaha ýaýyp, depesini howada seleňledip oturan şatut her gezek onuň öýüne baranymda pikirimi durlaýar. Täsin duýgy döredýär. Sebäbi tuduň gabarasy nesilbaşymyz Oguz hana-da meňzäp dur, uzyn, syratlydan süňkbaşy iri dädem Gorkuda-da çalym edýär, Görogly begdir, Alp Arslana-da ogşap dur. «Aslyna bak, aslyna» diýlişi ýaly, asyl bu ekilen şatuduň ruhunda dana ata-babalarymyzyň bir syrly ahwaly bar ýaly bolup duýulýar. Şonuň üçinem şatudy indi men edil atam ýaly hormatlap başladym. Dostuma duýdurman, onuň ýanyna baranymda, pyşyrdap salam berýärdim. Megerem, onuň agraslygyndan bolsa gerek, ol meniň salamymy dymyp kabul edýärdi. Bir gün Gullulara baranymda, şatuduň kölegesine ak keçe oklanyp, üstünde güpjek ýassygy tirsekläp ýatan dostumyň atasy Emin agany görüp, oňa salam berip, elleşip görüşdim. Şu ikarada-da bir-ä ýaşula, birem şatuda seredip ýetişdim. Dogrusy, men-ä olaryň arasynda kän bir tapawut görmedim. Emin aga tuduň kölegesinde ýanbaşlap oturyşyna söze başlady:

Asyr­la­ryň ýa­ňy — döw­rü­mi­ziň şöh­rat-şa­ny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, etnografiýa gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, arheologiýa ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek, olary geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek maksadynda, şeýle hem gözel Diýarymyzda ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärliklere, täsin tebigy künjeklere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmekde asyrlara ýaň saljak toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy-medeni baýlyklarymyzy gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmek hem-de olaryň aýratynlyklaryny bütin dünýäde wagyz etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde tassyklan Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde giň gerimli işler gyzgalaňly durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwrenmekde, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny wagyz etmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ýolgörkeziji bolup durýar. Hut şu eserlerde beýan edilen taglymatlara esaslanyp, häz

Dag illeriniň waspy

Dag obasy. Bu jümläni agzanyňdan ýüregiň bir ýerlerinde jümşüldimi, tolgunmamy, ýakymmy, garaz, söz bilen düşündirerden has belent derejedäki ahwallary başdan geçirýärsiň. Halkymyz ýöne ýere:«Gezmek ömürden, görmek göwünden» diýmändir. Daglylaryň ýaşaýan ilatly ýerine bakan myçyp barýan ulagymyz öwrümden aýlanandan gözleriňe sungat eseri ýaly bolup görünýän täsin görnüşler hatar-hatar düzüliberdi. Sürüjä ulagly yzymyzdan barmagy tabşyryp, didäňi dokundyrýan dag manzaryna mübtela bolan köňlümizi gandyrmak üçin assa-assa ädimläp başladyk. Adaja öwüsýän ýelem arzyly myhmanlary garşy alýanyna buýsanýan ýaly, şeýle bir mylaýymdy welin, göwnümize köken bolup ornan «Dag jerenleri» diýen meşhur aýdyma hiňleniberesiň gelýärdi. Bilbilleriň saýraýşy, damjalaryň salkyn howa garylyp ýüzümize seçelenmesi şähdimizi açansoň, öňümizde ýene peýda boljak täsinliklere tarap haýdaýardyk. Şol barmana-da özboluşly simfoniýasy bilen hyýallary hüwdüleýän beýik şaglawugyň deňesinde häzir bolduk. Küren oba giräýen ýeriňde şaglap duran bu täsin suw gözelligini göreniňde, ylla ertekiler dünýäsine düşene dönýärsiň. «Adam eli gyzyl gül» diýleni. 60 metr beýiklige çenli baryp ýetýän ynsan oglunyň döreden bu emeli täsinligi syýahata gelenleri bipar