Gullularyň howlusynda şaha ýaýyp, depesini howada seleňledip oturan şatut her gezek onuň öýüne baranymda pikirimi durlaýar. Täsin duýgy döredýär. Sebäbi tuduň gabarasy nesilbaşymyz Oguz hana-da meňzäp dur, uzyn, syratlydan süňkbaşy iri dädem Gorkuda-da çalym edýär, Görogly begdir, Alp Arslana-da ogşap dur. «Aslyna bak, aslyna» diýlişi ýaly, asyl bu ekilen şatuduň ruhunda dana ata-babalarymyzyň bir syrly ahwaly bar ýaly bolup duýulýar. Şonuň üçinem şatudy indi men edil atam ýaly hormatlap başladym. Dostuma duýdurman, onuň ýanyna baranymda, pyşyrdap salam berýärdim. Megerem, onuň agraslygyndan bolsa gerek, ol meniň salamymy dymyp kabul edýärdi.
Bir gün Gullulara baranymda, şatuduň kölegesine ak keçe oklanyp, üstünde güpjek ýassygy tirsekläp ýatan dostumyň atasy Emin agany görüp, oňa salam berip, elleşip görüşdim. Şu ikarada-da bir-ä ýaşula, birem şatuda seredip ýetişdim. Dogrusy, men-ä olaryň arasynda kän bir tapawut görmedim. Emin aga tuduň kölegesinde ýanbaşlap oturyşyna söze başlady: