Binýatly başlangyçlaryň badalgasy

25 Noýabr 2024
211

10-njy oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Mongoliýanyň Prezidenti bilen paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli taryhy duşuşyk ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, hususan-da, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge itergi berdi. Mongoliýanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen hem duşuşdy. Özara söhbetdeşlikde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine üns çekildi we bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy bellenildi. Mongoliýanyň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji gezek döwlet sapary bilen gelmegi şan-şöhraty dünýä ýaýran ata Watanymyz bilen hyzmatdaşlyk açmaga meýilli döwletleriň has artýandygy baradaky hakykaty ýene bir ýola äşgär etdi.

Hormatly Prezidentimiz bilen Mongoliýanyň Prezidentiniň arasyndaky duşuşykda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmunynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ýörelgelerine esaslanýandygyny we özara düşünişmeklige daýanýandygyny nygtadylar. Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýada Türkmenistanyň üstünliklerine gyzyklanma bildirilýändigini we özara gatnaşyklaryň ygtybarlandyrylmagyna umyt baglanýandygyny belledi.

«Diýar».