Mälim bolşy ýaly, 10-njy oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy. Türkmenistan Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinip, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmek boýunça geçirilen gepleşikler türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda uly mümkinçilikleri açar. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy ýüzýyllyklara uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny işläp düzmäge şert döredýär. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny ählumumy ösüşiň ugurlaryna özara doly düşünmek bilen şertlenendir. Türkmenistan halkara işlerde Gazagystan bilen bilelikde deňhukuklylyk we adalatlylyk, BMG-niň esas goýujy resminamalaryna berk eýermek ugrunda çykyş edýär.