Dag illeriniň waspy

3 Awgust 2023
491

Dag obasy. Bu jümläni agzanyňdan ýüregiň bir ýerlerinde jümşüldimi, tolgunmamy, ýakymmy, garaz, söz bilen düşündirerden has belent derejedäki ahwallary başdan geçirýärsiň. Halkymyz ýöne ýere:«Gezmek ömürden, görmek göwünden» diýmändir. Daglylaryň ýaşaýan ilatly ýerine bakan myçyp barýan ulagymyz öwrümden aýlanandan gözleriňe sungat eseri ýaly bolup görünýän täsin görnüşler hatar-hatar düzüliberdi.

Sürüjä ulagly yzymyzdan barmagy tabşyryp, didäňi dokundyrýan dag manzaryna mübtela bolan köňlümizi gandyrmak üçin assa-assa ädimläp başladyk. Adaja öwüsýän ýelem arzyly myhmanlary garşy alýanyna buýsanýan ýaly, şeýle bir mylaýymdy welin, göwnümize köken bolup ornan «Dag jerenleri» diýen meşhur aýdyma hiňleniberesiň gelýärdi. Bilbilleriň saýraýşy, damjalaryň salkyn howa garylyp ýüzümize seçelenmesi şähdimizi açansoň, öňümizde ýene peýda boljak täsinliklere tarap haýdaýardyk. Şol barmana-da özboluşly simfoniýasy bilen hyýallary hüwdüleýän beýik şaglawugyň deňesinde häzir bolduk. Küren oba giräýen ýeriňde şaglap duran bu täsin suw gözelligini göreniňde, ylla ertekiler dünýäsine düşene dönýärsiň. «Adam eli gyzyl gül» diýleni. 60 metr beýiklige çenli baryp ýetýän ynsan oglunyň döreden bu emeli täsinligi syýahata gelenleri biparh goýmaýar. Güýçli inýän suwuň owazyna maýyl bolýan syýahatçylar bu ýerde ýadygärlik surata düşýärdiler.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».