Suratkeşleriň «Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi
Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň häzirkizaman eserleriniň hem-de «Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýokary derejede geçirilen «Döwlet guşy» simpoziumyna 30-dan gowrak suratkeşler: şol sanda Şöhrat Berdiýew, Ogulsuraý Akmyradowa, Batyr Hajyýew, Rustam Abdullaýew, Gahryman Goçmyradow, Begenç Berkeliýew, Myratgeldi Gurbangeldiýew, Wepa Gurdow, Ahmet Hallyýew, Myrat Baltaýew, Aýnagözel Nuryýewa, Annageldi Meretgeldiýew dagylar gatnaşyp, ýurdumyzyň Mary we Balkan welaýatlarynda döredijilik saparynda boldular we degişli ýerleriň taryhy ýadygärliklerini, gözel künjeklerini wasp edýän köpsanly eserleri döretdiler.