Beýik şahyra tagzym
Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanowyň Magtymguly Pyragy hakynda döreden filmi barada söhbet Türkmen halky Baba Annanowy meşhur artist hökmünde tanaýar. Onuň «Aýgytly ädim», «Ilkinji synag», «Jemalyň daragty», «Ýaşlygymyň dessany», «Zöhre-Tahyr», «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» ýaly çeper filmlerinde döreden ajaýyp keşpleri tomaşaçylaryň kalbynda müdimilik ýatda galdy. Bu ussadyň kinorežissýor hökmünde döreden «Serdar», «Kärizgenler», «Agyr ýük», «Zöhre-Tahyr» filmleri onuň ussat režissýordygyny hem aýdyň subut etdi. Baba Annanow ýazyjy, dramaturg hökmünde-de tanalýan adam. Onuň döreden powestleri we hekaýalary aýratyn kitap bolup birnäçe gezek çap edildi. Ussadyň «Ak at» atly meşhur eseri bolsa ençeme gezek türkmen teatrlarynyň sahnalarynda goýuldy.Türkmen halky Baba Annanowy meşhur artist hökmünde tanaýar. Onuň «Aýgytly ädim», «Ilkinji synag», «Jemalyň daragty», «Ýaşlygymyň dessany», «Zöhre-Tahyr», «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» ýaly çeper filmlerinde döreden ajaýyp keşpleri tomaşaçylaryň kalbynda müdimilik ýatda galdy. Bu ussadyň kinorežissýor hökmünde döreden «Serdar», «Kärizgenler», «Agyr ýük», «Zöhre-Tahyr» filmleri onuň ussat režissýordygyny hem aýdyň subut etdi. Baba Annanow ýazyjy, dramaturg hökmünde-de tanalý