Ýur­du­my­zyň sag­lyk sa­ha­wa­ty

3 Awgust 2023
786

Hormatly Prezidentimiz iýun aýynyň 16-syna Arkadag şäherinde bina edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we şol ýerde Arkadag şäheriniň II tapgyrynyň düýbüni tutdy. Arkadagly Serdarymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň neşir edilendigini belläp, dabara gatnaşanlara kitaby sowgat etdi. Bu kitap gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işini dünýä wagyz ediji neşir bolmak bilen, ol üç dilde çap edildi.

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamyna täzeçil usullar ornaşdyrylýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalarydyr, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman saglyk merkezlerinde halkymyzyň saglygyny dikeltmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmeklige ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şonda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ilkinji bolup, aýlyk zähmet hakyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.