Sungat ojagynda her bir taplanan zehin bu sözbaşynyň manysynyň giňligini aňlasa gerek. Çünki köňlüň gözelligi — ömrüň zynaty. Sungat halypasynyň bu giň dünýä meňzeş gursagyndaky zehini bolsa asla-asla tükenerli däl. Oňa zehin ylahydan berlen. Şondan bolsa gerek, ol tebigatyň täsin künjeklerine barsa, ep-esli wagtlap dymyp durýar-da, soňam birden serine ornaşan görnüşlerini çalasynlyk bilen kagyza ýa kendire geçirýär. Hawa, «Söhbeti edilýän beýle zehin kimkä?» diýýän bolmagyňyz mümkin. Oňa Çarymyrat Ýazmyradow diýýärler. Sungat dünýä ýaly giň, ummanlar ýaly joşly. Sungatyň jadyly dünýäsine aralaşaýmak her kese eýgerdibem duranok, dogrusy. Köňlüňde baryny şekile geçirip, galamyň güýjüni sungatsöýer köňüllere ýetirmek diňe guýmagursak zehini bolan kişä başardýan hysyrdyly iş. Suratkeşiň eseriniň diline düşünen adama bolsa gyzykly ruhy syýahat garaşýar. Şol syýahat her bir sungat muşdagyna çäksiz kanagatlanma duýgusyny bagyş edýän bolsa, suratkeşiň öz göwnüne uçursyz joşguny guýýan güýje eýedir. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi hakyndaky söhbedimize onuň hyýalbentlikden bina bolan eserlerine özboluşly syn hem tarypnama diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ilki bilen, suratkeşiň döredijilik ýoly hakynda durup geçmekligi dürs hasapladyk.
Çarymyrat Ýazmyradow 1975-nji ýylyň 19-njy awgustynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Baýraç obasynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň bosagasyndan ätleýär. Ony üstünlikli tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuwa girýär. Ol 2001-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň «Dizaýn» bölümini tamamlaýar. Şondan bärem milli şekillendiriş sungatymyzyň pajarlamagyna öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Ol halkara we döwlet derejesindäki guralýan sergilere işjeň we yzygiderli gatnaşyp, birnäçe baýraklary gazanmagy başardy. Suratkeş 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol özüniň ajaýyp eserleri bilen ABŞ, Germaniýa, Russiýa Federasiýasy, Bolgariýa, Gazagystan, Türkiýe ýaly döwletlerde geçirilen halkara sergilere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şeýle-de olar şol ýurtlaryň suratkeşlik eserleriniň ýygyndylaryna girizildi.