Yk­ba­lyň yba­da­ty

3 Awgust 2023
897

Ynsan ömrüne ybadat edilmeli närseler duş bolsa, onda her kişi şony bagtdan alamat saýmaly. Çünki ýagşylyga we zehine, sungata, halal zähmete edilen ybadat hem-de ybadatly ykbal ynsany ümmülmez abraýa we şöhrata eýe edýär. Onsoňam ybadat edilen haýyrly zat gowy pursatlary ömre hünji kimin düzüp, ony ýalkawa duş edýär. Heniz çagaka oba arygynyň başynda deň-duş oglanlary bilen balyk tutmagy höweslän ýigit balykçy bolmak üçin ümsümligiň hökmanydygyny bilse-de, birdenkä aýdyma zowladyp, diňe bir balyklary däl, ony tutmagyň küýüne düşüp, dünýäni unudan deň-duşlaryny tisgindirip goýbererdi. Şol wagt geň hem gülkünç ýagdaýy döretse-de, soňabaka şol aýdyma zowlatmalardan başlanan ykbal akabasy ony has ullakan at-abraýyň eýesi etdi.

Ýognas sesi bilen sapak aýdanda-da mugallymlaryny we synpdaşlaryny ünsli diňledip bilýän ýigidiň okuwa ýetişiginiň nusgalyk bolandygyny onuň okan Boldumsaz etrabynyň 4-nji (öňki 26-njy) orta mekdebinde buýsanç bilen ýatlaýarlar.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.