Hazaryň owazly tolkunlary

3 Awgust 2023
1465

Watanymyzyň gözel künjekleriniň, melhemli mekanlarynyň biri bolan gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny näçe wasp etseň hem azlyk edýär. Mundan 10-15 ýyl ozal bu ýerde bolup gören adamlar gaýtadan Awaza gelseler, düýpgöter täze keşbe giren bu künjegi tanamazlar. Dogry, Hazaryň ýakasyna ozalam dynç almaga, deňziň argynlygyňy aýyrýan, süňňüňe şypa berýän suwuna düşmäge gelýänler az däldi. Ýöne olar deňziň bu künjegindäki ertekä çalymdaş Awazanyň häzirki görnüşini görüp, haýran galarlar.

Ýerli adamlaryň gürrüňini diňleseň, şeýle-de, ylmy kitaplaryň sahypalaryny agtaryp görseň, «Awaza» sözüniň gelip çykyşynyň «owaz edýän tolkunlar» diýen manysynyň bardygyny görmek bolýar. Hakykatdan hem, Awazanyň tolkunlarynyň heňi tebigy simfoniýanyň owazydyr.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».