Gül­ki dol­sun göw­nü­ňi­ze

3 Awgust 2023
866

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan tebigy ýadygärliklerimizi, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda ägirt uly işler amala aşyrylyp, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesi toplanyldy.  Hut şu ýylyň özünde ata Watanymyza «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky degişli güwänamanyň gelip gowuşmagy ykrar edilen taryhy wakalaryň biridir.

Molla Ependi il içinde ýomaklary, şorta sözleri we degişmeleri bilen meşhurlyk gazanan şahsyýetdir. Türki halklaryň arasynda Hoja Nasreddin ýa-da Nasreddin Hoja ady bilen tanalýan bu şahsyýeti halkymyz Molla Ependi diýip atlandyrypdyr. Türk alymy Mehmed Fuad Köprüliniň pikiriçe, Hoja Nasreddin taryhy şahsyýet hökmünde XIII asyrda hijri ýyl hasaby boýunça 606-njy ýylda (milady ýyl hasabynda 1208-nji ýyl) Merkezi Anadolynyň Siwrihisar Hortu obasynda dogulýar. Başlangyç bilimi kakasyndan alan Nasreddin örän sada, hoşgylaw, päkgöwünli, sabyrly adam bolup ýetişipdir. Ol 635-nji ýylda Akşähere göçüp barýar we şol ýerde 683-nji (milady 1284) ýylda aradan çykýar. Molla Ependi durmuşdaky, jemgyýetiň arasyndaky kemçilikleri öz ýomaklarynyň üsti bilen ýazgarypdyr. Şeýle-de kynçylykly ýagdaýlardan ugurtapyjylygy, ýiti zehini bilen baş alyp çykypdyr. Käwagtlar bolsa onuň ýomaklary degişme äheňe eýe bolup, gülküli ýagdaýy döredipdir. Molla Ependiniň degişmeleri, ýomaklary türkmen alymlary tarapyndan hem giňden öwrenilýär. 1993-nji ýylda belli alymlar Muhammetnazar Annamuhammedowyň hem-de Şamuhammet Gandymowyň kömegi bilen 337 sany degişmäni öz içine alýan «Nasreddin Hojanyň türk dillerinde aýdylýan anekdotlary» atly ýygyndy çap edilýär. Soňra 2006-njy ýylda Amangül Durdyýewanyň «Nasreddin Ependi barasynda şorta sözler ýygyndysy» atly işi çapa taýýarlanýar. Taryhy gözlegleriň netijesinde, çap edilen işler diňe bir türki dillerinde gürleýän halklaryň arasynda däl, eýsem hytaý, ýapon, iňlis, rus halklarynyň arasyna hem ýaýrapdyr. Şonuň üçin onuň degişmeler ýygyndysy dürli dillere terjime edilipdir.

Çapa taýýarlan Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».