Ýü­pek­çi­li­giň ga­dy­my oja­gy

3 Awgust 2023
1620

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýip belleýär. Bu bolsa Merwde ýüpekçiligiň ýokary derejede ösendigini görkezýär.

Arheologik tapyndylardan belli bolşy ýaly, 5000 ýyl mundan ozal Hytaýda çig ýüpekden dürli matalar öndürilipdir. Adamzada belli bolan ýüpek matalarynyň iň gadymy nusgalary Hytaý arheologlary tarapyndan Henan welaýatynyň Sintaý obasynyň golaýyndaky düşelgede tapylyp, olaryň ýaşy 5500 ýyla barabardyr.

Merjen TAGANOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.