Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär.