Ahal welaýaty, 25-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Ahal welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagyna hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şertidir. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini bellemek gerek. Şunda senagat zolagyny döretmek, onuň çäklerinde bina ediljek önümçilik kärhanalarynyň häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek wajyp wezipedir.