HABARLAR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ankara, 16-njy mart (TDH). Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ankara, 16-njy mart (TDH). Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler.

Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 15-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda badalga berildi. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Adamlar baradaky alada — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugry

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryňdyr taslamalaryň baş maksadydyr. 6-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi babatda welaýat häkimlerine birnäçe anyk görkezmeler berildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsüminde oturdyljak saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahallaryny hem-de olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz türkiýeli işewüri mähirli mübärekläp, ilki bilen, doganlyk ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 13-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň sogan hem-de ýeralma ekişi geçirilen ýerlerinde ideg işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi. Halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ildeşlerimiziň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyny peýdalanmak bilen, açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. Saýlawlaryň ähli tapgyrynyň açyklyk we demokratik esasda geçirilendigine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we birnäçe ýurtlardan synçylar, köp sanly daşary ýurtly žurnalistler şaýat boldular. Saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçen Prezident saýlawlary türkmen jemgyýetiniň jebisligini we agzybirligini raýatlyk duýgularynyň ýokary derejesini, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine wepalydygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary

Ahal welaýaty, 11-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ak mermerli paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň ähli künjeginiň bagy-bossanlyga bürelmegi, ekologik abadançylygynyň saklanylmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda ýaýbaňlandyrylan asylly işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi. Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Durmuş ulgamyny ösdürmek — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry