Durmuş ulgamyny ösdürmek — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry

9 Mart 2023
1055

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli esasda seljermegi we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini üpjün etmäge aýratyn üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisde iki aýyň jemleriniň Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini görkezýändigini, şunda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejesinde saklanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, beýleki kabul edilen maksatnamalarydyr meýilnamalary durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli işlemek, amala aşyrylýan ähli taslamalaryň we toplumlaýyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklamak möhümdir.

(TDH)