Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara, zyýan berijilere garşy göreş işleri geçirilýär. Gowaça ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär.