Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

28 Mart 2023
946

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, onda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň sogan, ýeralma ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.