HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda bugdaýa ösüş suwuny tutmak, ony organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar, gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

AŞGABAT, 22-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň düzümine saýlanan wekilleri bilen geçiren mejlisinde öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlaryna degişli kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň Mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Irden Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasyna geldi. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

2023-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Şu ýylyň mart aýynyň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň netijeli işleri alyp barýandyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dürli görnüşde geçirilen işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, forumlar, Türkmenistanyň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň üstünliklere beslenýändigini tassyklady. 1-2-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Onuň dowamynda ýurdumyzda adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara borçnamalaryň hem-de BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň maslahatlarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Mejlisiň çäklerinde Adam hukuklary boýunça komitet Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara paktyň kadalarynyň we düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça üçünji döwürleýin hasabatyna garady.

Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryň esasy wezipesidir. Döwlet Baştutanymyzyň 11-nji aprelde geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi ugrunda degişli çäreler görülýär.

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo hem özüniň gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Biz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.