Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, her bir raýatyň abadan we döredijilikli durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda türkmenistanlylaryň saglygynyň berkidilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki ugurdaş maksatnamalar, şäherlerde we obalarda degişli düzümi kämilleşdirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sport düzümine degişli desgalaryň bolmagy Türkmenistanda täze ilatly ýerleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, mekdebe çenli edaralaryň, umumy bilim berýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň taslamalary düzülende hem-de olar gurlanda bildirilýän hökmany talapdyr.