Şu ýylyň mart aýynyň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň netijeli işleri alyp barýandyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dürli görnüşde geçirilen işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, forumlar, Türkmenistanyň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň üstünliklere beslenýändigini tassyklady.
1-2-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Onuň dowamynda ýurdumyzda adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara borçnamalaryň hem-de BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň maslahatlarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Mejlisiň çäklerinde Adam hukuklary boýunça komitet Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara paktyň kadalarynyň we düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça üçünji döwürleýin hasabatyna garady.