Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

18 Aprel 2023
961

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi ugrunda degişli çäreler görülýär.