Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda bugdaýa ösüş suwuny tutmak, ony organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar, gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri geçirilýär.