Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. 5-nji iýunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý oragy guramaçylykly dowam edýär, möwsümde kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tam