HABARLAR

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we sungata höwesini güýçlendirmek, olara aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek maksady bilen, degişli edaralaryň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramak, olaryň okuw meýilnamalaryna täzeden seredip, döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döwrebap we many-mazmunly filmleriň köpräk surata düşürilmegi, halkara kinofestiwallara gatnaşmak üçin zerur işleri geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek,

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistan ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy wezipeleri — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi öz beýanyny tapýar. 24-nji iýulda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda tehnikalardan we gurallardan netijeli peýdalanmak arkaly gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar we pagta ýygyjy kombaýnlar ýygym möwsümine taýýarlanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda, Mary we

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Söwda toplumynyň işini kämilleşdirmegiň baş maksady halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmakdyr

Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Söwda ulgamy islendik önümçilik işiniň ahyrky netijesidir. Şoňa görä-de, onuň ösüş derejesi, işiň, harytlaryň we hyzmatlaryň giň gerimi, köpdürlüligi diňe bir ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň derejesine däl, eýsem, ýurdumyzyň senagat pudaklarynyň kuwwatyna, halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça degişli meselelere ünsi çekip, içerki bazaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, toplumda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Giň gerimli gurluşyklar — Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nyşany

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garaldy. Gazanylan netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we onuň ileri tutulýan ähli ugurlarynda yzygiderli öňegidişlikleriň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň gerimli senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi, senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.

Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgeleri — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde tagallalaryň birleşdirilmegine mynasyp goşant goşýar. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy mundan beýläk-de syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr.