«Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtady.
Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Çünki ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär.