Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde tagallalaryň birleşdirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy.