Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol şu ýylyň alty aýynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, harby gulluga çagyrmagyň we ondan boşatmagyň ýazky möwsüminiň tamamlanandygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.