HABARLAR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Palestina Döwletiniň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan şöhratly taryha eýedigi we özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

Ekologiýa — Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Biziň ýurdumyzyň bu ulgamda öňe sürýän halkara başlangyçlary barada Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda geçirilen mejlisinde hem nygtalyp geçildi. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirjekdigi barada habar berildi.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezmek bilen, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bolsa strategik häsiýete eýedir.

Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatlaryny durmuşa geçirmegiň ýoly bilen

Geçen hepdede ýurdumyzyň durmuşy dürli wakalara beslendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli özgertmeleri bilen birlikde, bu wakalar hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen aladasyna esaslanýar. 14-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzäni kabul etdi.

Ýewropa ugry Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm ähmiýete eýedir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary Aşgabat — Budapeşt, 20-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady.

Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan şahyrana eseriniň tanyşdyrylyşy

Aşgabat, 18-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy. Çeper döredijiligiň ussatlaryna, artistlere täze döredijilik ylhamyny bermäge gönükdirilen dabaraly maslahatyň başynda «Berkarar döwlet islärin» atly edebi-çeper kompozisiýa ýerine ýetirildi. Onda beýik Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik hakyndaky arzuw-islegleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinde we başlangyçlarynda hasyl bolandygy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynda mynasyp dowam etdirilýändigi çeper keşpde açylyp görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berildi. “Aziýanyň merjeni” diýen ada mynasyp bolan Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan desgalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi paýtagtymyzyň binalarynyň özboluşly keşbiniň we ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.

Türkmenistan — BMG: azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk

Häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we dostlugy, şol sanda azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bitarap Watanymyz döwletara derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistan BMG we onuň ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň öňe sürýän anyk başlangyçlary häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, uzak möhletli geljek üçin köpugurly halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek halkymyzyň parahat ýaşaýşy baradaky aladadyr

Balkan welaýaty, 15-nji awgust (TDH). Şu gün Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen şöhratlanýan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Awaza, 14-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny bellenildi.