2023-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

9 Awgust 2023
896

Geçen aý netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalar bilen ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşgin çaýdy. Bu döwürde geçirilen duşuşyklar we gepleşikler, forumlar, syýasy geňeşmeler, maslahatlar, sergiler ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralýan çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda 30-njy iýun — 4-nji iýul aralygynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň parahatçylyk diplomatiýasyna, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni dialoga, ekologik durnuklylyga we terrorçylyga garşy göreş alyp barmaga ygrarlydygy bellenildi. Mejlisiň ahyrynda Wankuwer Jarnamasy kabul edildi.

(TDH)