Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Aşgabat, 10-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasyly kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara öz wagtynda, ýitgisiz daşalýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.