Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň ulag düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar

26 Iýun 2023
2489

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegini we ýurdumyzyň sebitiň iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri ýokarlanýar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, taryhyň dowamynda ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň ýokarlanmagynda möhüm ugur hasaplanýar.