Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. 2023-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ata Watanymyz diňe bir ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başyndan bäri halkara derejeli, ähmiýetli wakalaryň örän köp bolandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany ýazdy. Pekinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler üstünlikli boldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.