Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berildi.
“Aziýanyň merjeni” diýen ada mynasyp bolan Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan desgalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi paýtagtymyzyň binalarynyň özboluşly keşbiniň we ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.