Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça milli parlamentiň iş toparlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we öňdebaryjy halkara iş tejribesinden ugur alnyp, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini seljermek esasynda birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy. Olara Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň 3-nji iýunda geçiriljek ikinji maslahatynda garamak göz öňünde tutulýar.