Aşgabat, 10-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň bäş aýynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Hasabat döwründe Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 12-si, şol sanda Konstitusion kanunlaryň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 27-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” we “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary umumyhalk maslahatynda makullanyldy.