Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna guramanyň ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi.