Ahal welaýaty, 14-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda-da daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan möwsüm guramaçylykly dowam edýär. Galla oragynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň, bereket bolçulygynyň üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär. Kärendeçilik usulynda işleýän daýhanlaryň we obasenagat toplumynda işjeňlik görkezýän hususy önüm öndürijileriň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda bugdaýyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna hemmetaraplaýyn üns berilýär. Şeýlelikde, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan we zähmet çekýän daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.