Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

14 Mart 2023
906

Aşgabat, 13-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň sogan hem-de ýeralma ekişi geçirilen ýerlerinde ideg işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.