Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18 Fewral 2023
1182

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly işler dowam etdirilýär.