Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» we halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna pugta eýerip, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna işjeň gatnaşýar we başlangyçlary öňe sürýär. 2023-nji ýylyň birinji aýynda-da şu babatda netijeli işler alnyp baryldy. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilen köpugurly çäreleriň hatarynda ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar, dürli derejedäki sergilerdir forumlar bar.
Şu ýylyň 8 — 10-njy ýanwary aralygynda Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň 13-nji umumy mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda biziň döwletimiziň parlament diplomatiýasy arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, halkara giňişlikde energiýa, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Mejlisiň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi.