Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

21 Fewral 2023
1130

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek we geriş çekmek işleri dowam edýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.