Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de bu dostlukly ýurduň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeniň gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.