HABARLAR

Öý-ojaklaryň söýesi

«Syr saklagan mähek daş»

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Bu şanly sene mynasybetli biz hem akyldaryň şygyr diwanyndan käbir syrly setirleri barada gürrüň etmek isleýäris. Akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda:

Aýlanaýyn, obam senden!

(Oýlanma) Obalaryň ýaz ýakymy şu günler has başgaça. Erik gülläp, şetdalylar owadan gülleriniň ysyny ýaýradypdyr, agaçlar pyntyklapdyr, ýapraklapdyr. Garaz, oba durşy bilen ýaz hysyrdylaryna berlipdir. Türkmen obalary halkymyzyň özi ýaly sähraýy we giň. Olara syn etseň, ýüregiňde ýakymly duýgular oýanyp başlaýar. Obalaryň şeýle gözel tebigaty üýtgeşik sungat eserini ýadyňa salýar. Ýapdyr aryklaryň, güzerdir arnalaryň gyrasynda biten jümjümelerdir otlar tebigatyň çeken keşdesine meňzeýär. Hol aňyrrakda bolsa gujurly çopan ýigit ýar jemalyny ýatlap, aýdyma zowladýandyr. Hüşgär çopan iti bolsa her bir çybşylda eserdeň bolup üşerilýändir. Daýanykly, syrdam boýly gelin tamdyryna ot goýbermegiň aladasynda. Ol, megerem, ir bilen, Gün gyzmanka, çörek bişirmäge hyýallanan bolmaly. Hawa, men her gezek ýazda oba seýran edip, ine, şeýle ýakymly pursatlara duş gelýärin. Özem çaga ýaly begenýärin. Çünki şeýle owadan görnüşler çagalyk dünýäme garylyp-gatylyp geçip gidipdir.

Bagşy bilen ozan gelsin

Il içinde gowulygy, döwletliligi aňlatmakda ulanylýan «ozan» sözüniň «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» iki hili manysy bar: «Ozan (ozon), at. 1. Gadym zamanlarda türki halklarda saz çalyp, goşgy aýdýan şahyr, bagşy. 2. Ilden öňe saýlanýan öňbaşçy, parasatly adam, uly şahsyýet. («Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler (nakyl)».

Dutar sazy — kalbyň owazy

Türkmen dutarynyň döreýiş taryhynyň gadymyýetden gaýdýandygy hemmä belli hakykat. Şu sebäpli-de oňa degişli bolan sazlar, mukamlar, owazlar iňňän kämildir. Dutaryň milli saz guraly hökmünde türkmen topragynda bitýän saýaly tut agajyndan ýasalmagynda uly many bar. Alymlar dutar sözüni «tut-tar» sözleri bilen hem baglanyşdyrýarlar. Türkmen dutaryna meňzeş saz guralynyň mundan müňlerçe ýyl ozal çekilen şekili arheologik gazuw-agtaryşlarda ýüze çykaryldy. Şeýle hem bagşynyň goluny dutaryň gapagyna ýetirip duran heýkeljigi-de halkymyzyň geçen uzak taryhy ýolunda bagşyçylyk sungatyna aýratyn üns berendiginiň anyk taryhy delilidir.

«Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar...»

Akyldar şahyryň döreden kämil eserleri asyrlaryň dowamynda bagşylarymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Türkmen bagşyçylyk ýollarynyň ählisinde hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen aýdymlar toý-baýramlaryň bezegidir. Beýik söz ussadynyň goşgularyna düzülen aýdymlar ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da söýlüp diňlenilýär. XX asyryň 40-njy ýyllarynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň läheňleri öz döwürdeş we nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna, şol sanda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna hem aýdymdyr romanslary döretdiler. Türkmenistanyň halk artistleri, halypa kompozitorlar Daňatar Öwezowyň «Baglar heý», «Gitseň, bar aman», Weli Muhadowyň «Söýgi», «Bu derdi», Weli Ahmedowyň «Sil biläni», «Türkmeniň» atly hor we wokal eserleri halkymyzyň söýgüsini gazandy.

Şaý - bedewiň bezegi

At şaýlary ahalteke bedewiniň toý-dabaralardaky aýrylmaz bezegidir. Ata dakylýan boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan — bularyň hemmesi diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem, gözden-dilden goraýjy serişde bolup hem hyzmat edýär. Türkmen halkynyň taryhynda altyn-kümüş şaýlaryň taýýarlanylyşy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Arheologik gazuw-agtaryş işleri bize dürli asyrlaryň, ýagny bürünç asyrdan tä ösen orta asyra çenli çeperçilik önümleri açyp görkezýär. Tapyndylaryň köpüsi dünýewi çeperçilik medeniýetiniň asyl nusgalarydyr. Muňa belli Amyderýa hazynasyndan bolan b.e. öňki V-IV asyrlara degişli täsin önümleri mysal getirmek bolar.

Milli sazymyz - ruhy baýlygymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde aýdym-saz sungatymyzy ýokary kämillikde ösdürip, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler açyldy. Hut şoňa görä-de, aýdym-saz sungatymyz şeýle alada gurşalan döwründe sazlary nota geçirmek meselesi wajyp bolup durýar. Sazşynas Ýazmyrat Rejepowyň «Türkmen halk sazlary» atly okuw gollanmasynda halk sazlarymyzyň inçeligini, milli aýratynlygyny saklamak maksady bilen türkmen milli sazynyň ussatlary Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň, Jepbar Hansähedowyň çalan saz eserleriniň nusgalary nota ýazgysyna geçirildi. Işe şeýle çemeleşilmeginiň ähmiýeti bu sazlary öwrenýänlere sazyň ykrar edilen nusgalaryny kämil derejede öwrenmäge ýol açmakdan ybaratdyr. Türkmen aýdym-saz sungaty geçen asyrlardan XX asyryň ortalaryna çenli, esasan, halypa-şägirtlik ýoly bilen gelip ýetipdir. Şeýle-de bolsa, taryhyň ençeme kynçylyklaryny başdan geçiren milli sungatymyzyň nesilden-nesle başbitin geçmeginde birnäçe bökdençlikler döräpdir. Şeýlelikde, şertleriň, mümkinçilikleriň ýeterlik derejede bolmanlygy türkmeniň medeni ösüşinde uly orun tutan, aýdym-saz sungatynyň ajaýyp genji-hazynasyna öwrülen eserleriň ençemesiniň ýitip gitmegine getiripdir. Şeýle sazlara «Geldi beg

Maşgala hakda

Maşgalam — baş galam. * * *

Milli gymmatlyklarymyzyň waspy

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşmesi şäheriň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde «Joş urup döretse suratkeş şekili — baky galkynar ynsanyň köňli» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Çagalar çeperçilik mekdebiniň sergiler jaýynda guralan bu bäsleşik sergisine ýaş aýratynlygyna garamazdan dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan işgärler şekillendiriş sungatynyň nakgaş, miniatýura, grafika, heýkel, amaly-haşam (haly, gobelen, zergär, keramika we beýlekiler) ugurlary boýunça döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Şekillendiriş sungatyna höwesli zehinleri ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşikde görkezilen miniatýura eserleri, eýlenen deriniň ýüzündäki atyň we türkmen alabaýynyň keşpleri, olaryň kiçi göwrümli heýkelleri sergä syn etmäge gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Suw kädisinde atyň keşbi haşamlanyp ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewleriň, wepaly, gaýduwsyz alabaýlaryň türkmen tebigatynyň gözelligi bilen sazlaşykda waspy ýetirilen eserler hödürlendi.