Mirasa belent sarpa

26 Aprel 2021
1263

Muzeýler türkmen halkynyň taryhy-medeni baýlyklarynyň mirashanasy bolmak bilen, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek syýasatyny ynamly dowam etdirip, türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek, onuň üsti bilen ýaş nesli terbiýelemek işine biziň muzeýimiz hem öz mynasyp goşandyny goşýar.

Muzeýimiziň hünärmenleri milli gymmatlyklarymyzy halkymyza ýetirmekde bu ugurdaky işleriň täzeçe usullaryny, ýol-ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrýarlar. Biz hemişe gözlegde bolup, muzeýe gelýän adamlaryň milli mirasymyza bolan gyzyklanmasynyň artmagyny gazanmaga çalyşýarys. Geçen ýylda muzeýimiz muzeý ulgamynyň işiniň ähli görkezijileri boýunça ýokary netijeleri gazanyp, döwlet möçberinde şäher muzeýleriniň arasynda baýrakly birinji orny eýeledi. Bu bolsa bizi ýene-de täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Jennet ÇANNYÝEWA,
Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursowody.