Maýa goýumlarynyň mukdary artýar

2 sagat öň
1

Ow­ga­nys­ta­nyň Mag­dan se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi soň­ky üç ýyl­da 200-den gow­rak ki­çi we iri kom­pa­ni­ýa bi­len mag­dan ga­zyp al­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ra gol çe­ki­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Mi­nistr­li­giň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýur­duň we­la­ýat­la­ryn­dan peý­da­ly mag­dan­la­ry ga­zyp al­mak bo­ýun­ça 30 tö­we­re­gi şert­na­ma bag­la­şy­lyp, gur­şun, sink, de­mir, kö­mür we beý­le­ki mag­dan­la­ry ga­zyp al­ma­ga ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry 7 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy.

«Bu şert­na­ma­lar pu­dak­da 150 müň­den gow­rak ada­my iş bi­len üp­jün et­di» di­ýip, «TO­LO­news» web saý­ty ha­bar ber­di. Kä­bir yk­dy­sa­dy bi­ler­men­ler stan­dart­laş­dy­ry­lan içer­ki ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan­lar Ow­ga­nys­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi üçin peý­da­ly bo­ljak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.