Daş-töweregimize ýa-da teleýaýlymda görkezilýän tebigat bilen bagly gepleşiklere tomaşa edenimizde Ýer ýüzünde dürli görnüşli guşlaryň ýaşaýandygyna göz ýetirýäris. Guşlaryň käbiri suwda, käbiri gury ýerde, käsi çölde, käsi bolsa dagda ýaşaýar. Olaryň köpüsi uçup bilýär, köpüsi iň ökde ýüzüjiler hasaplanýar. Ýer ýüzündäki iň täsin guşlaryň biri hem düýeguşdyr. Olaryň arasynda Afrika düýeguşy iň ulusy hasaplanýar. Bu üýtgeşik jandaryň boýunyň uzynlygy 2,5 metre, agramy 150 kilograma ýetýär. Emma bu guşlar uçup bilmeýär. Uçýan guşlaryň arasynda bolsa iň ulusy toklutaýdyr. Agramy 22 kilogram bolan bu guş o diýen uzak aralyga uçup bilmeýär. Mundan başga-da, bularyň arasynda agramy 11 kilogram bolan kondory we agramy 8 kilogram bolan albatrosy (deňiz guşy) agzamak bolýar.
Afrika düýeguşy dünýäde iň uzyn we iň agyr guş bolmak bilen bir hatarda ýyndamlygy bilen hem tapawutlanýar. Bu guş «Straus» ady bilen belli bolup, grek dilinde «serçe-düýe» diýmegi aňladyp, köp halkda oňa düýeguş diýilýär. Düýeguş sagatda 50 kilometr, käbir halatlarda 70 kilometr tizlikde ylgap bilýär. Berk we ýasy iki barmakly bolan bu guşlar ylganlarynda ädimlerini 3,5-4 metre çenli açýarlar. Bedeniniň gurluşy düýelere meňzeýändigi sebäpli bulara düýeguş (latynça: «Struthio camelus») diýilýär. Bu guşlaryň düýelere meňzeş ýene bir aýratynlygy suwsuzlyga çydamlylygydyr. Afrika düýeguşy Afrikanyň gurak ýerlerinde ýaşaýar. Öňki döwürler Ýakyn Gündogarda hem ýaşan düýeguşlar soňky ýyllarda bu sebitde ep-esli azalypdyr. Afrika düýeguşy bu yklymyň ähli ýerinde duş gelýär. Somali, Efiopiýa we Demirgazyk Keniýada somali düýeguşlaryna («S. c. Molybdophanes»), yklymyň günorta-günbatarynda awstraliýa düýeguşlaryna («S. c. Australis»), demirgazygynda bolsa gyzyl bokurdakly masaý düýeguşlaryna («S. c. Massaicus») duş gelmek bolýar. Bu guşlar diňe aýaklarynyň berkligi bilen däl, eýsem, gür kirpikler bilen örtülen uly gözleri bilen hem geň galdyrýar.