Nä­me üçin top­ra­gyň reň­ki go­ňur?

20 Sentýabr 2024
313

Eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de, öri meý­dan­la­ryn­da, adat­ça go­ňur ýa-da ga­ram­tyl-go­ňur top­ra­gy gör­ýä­ris. Nä­me üçin top­rak dün­ýä­niň köp ýe­rin­de şol bir reňk­de? Nä­me üçin top­rak asyr­lar­bo­ýy reň­ki­ni üýt­get­me­di­kä? Ge­liň, top­ra­gyň go­ňur reňk­de bol­ma­gy­nyň syr­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Dün­ýä­niň köp ýe­rin­de top­rak şol bir reňk­de. Bu ýag­daý bi­ze te­bi­ga­tyň bol­ma­ly ka­da­sy ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. My­sal üçin, as­man gök, Gün sa­ry, ýer go­ňur we ş.m. As­lyn­da top­ra­gyň go­ňur bol­ma­gy ga­lyn­dy­lar­dan ga­lan ug­le­rod bi­len bag­ly­dyr. Adam­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­niň kö­pü­sin­de, şo­nuň ýa­ly gu­ry ýe­riň köp bö­le­gin­de suw we ösüm­lik bar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy bes edip ýe­re ga­ryl­ma­gy, ösüm­lik­le­riň, ot-çöp­le­riň gu­rap top­ra­ga go­şul­ma­gy bi­len ýer­de ug­le­rod eme­le gel­ýär. Ug­le­ro­dyň top­ra­ga ga­ryş­ma­gy bi­len go­ňur reňk eme­le gel­ýär.