«Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar...»

27 Aprel 2021
1277

Akyldar şahyryň döreden kämil eserleri asyrlaryň dowamynda bagşylarymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Türkmen bagşyçylyk ýollarynyň ählisinde hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen aýdymlar toý-baýramlaryň bezegidir. Beýik söz ussadynyň goşgularyna düzülen aýdymlar ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da söýlüp diňlenilýär. XX asyryň 40-njy ýyllarynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň läheňleri öz döwürdeş we nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna, şol sanda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna hem aýdymdyr romanslary döretdiler.

Türkmenistanyň halk artistleri, halypa kompozitorlar Daňatar Öwezowyň «Baglar heý», «Gitseň, bar aman», Weli Muhadowyň «Söýgi», «Bu derdi», Weli Ahmedowyň «Sil biläni», «Türkmeniň» atly hor we wokal eserleri halkymyzyň söýgüsini gazandy.

Swetlana LÝAPINA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymy.